Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde «ýaşyl» tehnologiýalaryň orny

15:17 19.09.2025 1565

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15052/original-168cd2db256540.jpg

Daşky gurşawyň abadançylygy barada gürrüň açylanda, Durnukly ösüş maksatlary düşünjesi ilkinjileriň hatarynda ýadyňa düşýär. Durnukly ösüş maksatlary senagatyň ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Soňky onýyllyklarda bütin dünýäde önümçiligiň artmagy daşky gurşawyň abadançylygyna, howanyň, suwuň arassaçylygyna, biologik köpdürlülige, şol sanda adamlaryň saglygyna oňaýsyz täsirini ýetirýär. Şeýle ýaramaz täsirleri azaltmak hem-de olaryň netijeleriniň öňüni almak üçin ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna we gündelik durmuşymyza «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak zerurlygy döreýär. «Ýaşyl» tehnologiýalar önümçiligiň ekologiýa ýaramaz täsirini peseltmäge, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyna, ykdysadyýetiň daşky gurşawa zyýansyz ösmegine ýardam edýän usullary göz öňünde tutýar. Häzirki döwürde innowasion tehnologiýalar halk hojalygynyň dürli pudaklaryna: energetika, gurluşyga, oba hojalygyna, ulag ulgamyna we beýleki ugurlara işjeň ornaşdyrylýar. 

Senagatyň ösüş depgininiň derejesi näçe ýokarlandygyça, oňa zerur bolan energiýanyň zerurlygy şonça-da artýar. Şol sebäpli «ýaşyl» tehnologiýalar, esasan, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden ekologiýa taýdan arassa, pes uglerodly energiýany öndürmekde has işjeň ulanylýar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine Gün, ýel, derýalar we deňizler, ýerasty termal suwlar ýaly tebigatyň bize eçilen nygmatlary degişlidir. Olardan energiýa öndürmek üçin Gün panelleri, ýel generatorlary ýaly tehnologiýalar, gidroelektrik stansiýalar peýdalanylýar. Elbetde, şeýle tehnologiýalary öndürmegiň we ornaşdyrmagyň uly harajatlary talap edýändigine garamazdan, ylmy-tehniki öňegidişligiň barha artýan depgini hem-de degişli ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin edilýän harajatlaryň barha arzanlamagyna itergi berýär.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri parnik gazlarynyň howa zyňylýan möçberini görnetin azaltmaga kömek edýär. Şeýle hem olar Ýer ýüzündäki gorlary çäkli bolan nebit we kömür ýaly gazylyp alynýan baýlyklara garaşlylygy peseldýär. Täze iş ýerleriniň döredilmegi hem «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň oňyn täsirleriniň biridir. 

Türkmenistanda hem ykdysadyýetiň pudaklarynda we durmuş düzümlerinde «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga, metan gazynyň zyňyndylaryny çäklendirmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda iri möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ekologiýa taýdan arassa energetika geçişiň aýdyň mysaly hökmünde Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurulmagyny, Arkadag şäherinde elektrik energiýasynda hereket edýän jemgyýetçilik ulaglarynyň peýdalanylmagyny, ýurdumyzdaky ýylylyk elektrik beketlerinde ulanylýan ýangyjyň ekologiýa taýdan arassa bolmagyna ähmiýet berlip, olarda häzirki zaman gaz turbinaly energiýa bloklarynyň ornaşdyrylmagyny görkezmek bolar. Şeýle hem ýurdumyzyň oba hojalygynda suw tygşytlaýjy ulgamlar barha giňden peýdalanylýar. Gurluşyk pudagynda hem «ýaşyl» tehnologiýalar netijeli ornaşdyrylyp, binalaryň we desgalaryň taslamalary energiýa netijeliligi esasynda düzülip, olaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallar ulanylýar.

Diýarymyzda tebigata aýawly çemeleşmäge we ekologik abadançylygy gorap saklamaga ymtylyşy aýdyň görkezýän iň iri taslama «akylly» hem-de «ýaşyl» şäher konsepsiýalaryna laýyklykda bina edilen Arkadag şäheridir. Şäheriň daşky gurşawyň abadançylygy babatda halkara güwänamalaryň birnäçesine mynasyp bolandygy muny görkezýär. Häzirki wagtda halkara guramalar hem-de maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze şäherde Gün panelleri arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürmek maksady bilen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini gaýtadan işlemek üçin niýetlenen taslamalara grant goldawyny bermek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 17-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi hem bu ugurda möhüm ädimdir.

Daşky gurşawyň abadançylygy hakyndaky aladanyň hem-de «ýaşyl» ykdysadyýete geçişiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülmegi netijesinde ýurdumyzda uly öňegidişlikler gazanylýar. Şu ýylyň 4-nji aprelinde Özbegistanyň  Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik» atly halkara forumda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz kömürturşy gazyny we metan zyňyndylaryny azaltmak meselesine aýratyn üns çekip, 2023-nji ýylda Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça toparyň döredilendigi, ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygy, şeýle hem diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda metan zyňyndylarynyň 11 göterim azalandygy barada bellemegi hem bu hakykatyň aýdyň beýanydyr.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çemelerinden peýdalanmaga ýardam edýän tehnologiýalaryň barha kämilleşýändigine garamazdan, ýene onlarça ýyllaryň dowamynda gazylyp alynýan tebigy baýlyklardan, hususan-da, uglewodorodlardan ýüz öwürmegiň mümkin däldigi halkara bilermenler tarapyndan tassyklanýar. Häzirki döwürde uglewodorod serişdeleri dünýä hojalygynyň ösmegi we adamlaryň durmuş zerurlyklarynyň üpjün edilmeginde uly orun eýeleýär. Şol sebäpli, soňky ýyllarda nebitgaz senagatynda daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly täsiriň öňüni almak ugrunda uly işler amala aşyryldy we aşyrylýar. Bu ugurda anyk mysallara salgylanylanda, bütin dünýäde ýangyç-energetika toplumynda «ýaşyl» tehnologiýalara uly ähmiýet berilýändigini görmek bolýar. Bu ugra gönükdirilýän maýa goýumlar yzygider artýar. Ozal bu pudakda howa taşlanýan metanyň uly bölegi önümçilik guýularyndaky ugurdaş gazyň ýakylmagy bilen baglydy. Häzirki wagtda ugurdaş gazy suwuklandyryp, sintetiki ýangyç almaga kömek edýän tehnologiýa köp döwletlerde, şol sanda biziň ýurdumyzda hem ulanylýar. Şeýle usul gymmatly çig maly tygşytly ulanmaga hem-de daşky gurşawa ýetirilýän zyýany görnetin peseltmäge kömek edýär. 

Ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen birlikde, nebitgaz senagatynda hem üsti ýetirilen hakykat (AR) we wirtual hakykat (VR) tehnologiýalary netijeli peýdalanylýar. Bu tehnologiýalar islendik enjamyň wirtual nusgasyny döretmäge we önümçilikde ýüze çykyp biljek islendik ýagdaýlaryň sanly görnüşini emele getirmäge mümkinçilik berýär. Hakyky enjamlaryň we ýüze çykyp biljek ýagdaýlaryň sanly nusgalar arkaly seljerilmegi işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda, hünärmenleri taýýarlamakda, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda diýseň ähmiýetlidir.

Emeli aň tehnologiýalary hem nebitgaz senagatynda geljegi uly ugurlaryň hatarynda görülýär. Bilermenler bu tehnologiýalaryň nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmakda, özleşdirmekde, olaryň kadaly işlemegini üpjün etmekde serişdeleri we wagty tygşytlamaga ýardam etmek babatda uly geljeginiň bardygyny belleýärler. Emeli aň tehnologiýalary maglumatlary dessin seljermek, önümçilik prosesleriniň netijeliligini kadalaşdyrmak, bejergi talap edýän mehanizmleri ýüze çykarmak ýaly ugurlarda ýokary netijeleri görkezýär. Geljekki bäş ýylda senagatyň awtomatlaşdyrylmagynyň we oňa emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň bazarynyň häzirkiden üç essä golaý ýokary boljakdygy çaklanylýar. Dünýä tejribesinde «Shell» kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan gurallary gorizontal guýulary gazmakda, «Exxon Mobil» korporasiýasy suwuň aşagyndaky nebit we gaz geçirijilerdäki syzmalary ýüze çykarmakda peýdalanýar. Azerbaýjanyň SOCAR nebitgaz kompaniýasynyň we ABŞ-nyň IBM tehnologik korporasiýasynyň bilelikdäki taslamasy bolsa emeli aňy guýulary taslamalaşdyrmakda, çykdajylary we taslamalaryň möhletini kesgitlemekde, esasy görkezijileri ölçemekde we töwekgelçilikleri ýüze çykarmakda ulanýar.

Ykdysadyýetiň pudaklaryna, aýratyn-da, nebitgaz senagatyna «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda derwaýysdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda bu ugurda ýurdumyzda hem giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegi şu günki we geljekki nesilleriň abadan durmuşyna mynasyp goşantdyr.

Annajemal AMANGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Başga makalalar
167ff616383ea5.jpg
Prezident: Türkmenistan ýaponiýaly işewürlere özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ähli şertleri hödürlemäge taýýar

Ýaponiýa bilen işewürlik hyzmatdaşlygyny ynamly meýilleşdirmek üçin ýurdumyzda ähli şertler bar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Tokioda ýapon işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda belledi.


1666bd69cc7a04.jpg
QazaqGaz we Gazprom Gazagystanyň üsti bilen tebigy gazy üstaşyr geçirmek hakynda şertnama baglaşdylar

Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde «MK «QazaqGaz» PJ-niň müdirliginiň başlygy Sanjar Jarkeşow we “Gazprom” PJ-niň müdirlginiň başlygy Alekseý Miller Gazagystanyň üsti bilen Özbegistana we Gyrgyzystana üstaşyr ibermek hakynda ylalaşyklara gol çekdiler diýip, milli kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.


16200c5b14236e.jpeg
Türkmenistanyň we HHR-niň Liderleri Hytaýa täze gaz geçirijiniň gurluşygy barada ylalaşdylar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16200db436210a.jpeg
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.


167ff4e90d94c9.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen ýangyç-energetika we himiýa toplumlarynda täze taslamalary maslahatlaşdy

15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Sigeru Isiba bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika we himiýa toplumlarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.