Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistanyň maýa goýum forumy ýurdumyzyň senagat mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe
19:36 18.09.2025 2031
Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz işine başlan Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylary gutlady.
“Maýa goýum forumy ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlary çekmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň täze önümçiliklerini döretmek we bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedir” diýlip, TDH-nyň saýtynda çykarylan gutlagda aýdylýar.
“Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutany belleýär.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, daşary ýurtly maýadarlaryň, işewürleriň, halkara maliýe-bank düzümleriniň hem-de Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, telekeçileriň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmekden ugur alnyp geçirilýän bu çäre durmuşyň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş hem-de täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri, sanly üpjünçilik ulgamy, sanly innowasion tehnologiýalar bilen baglanyşykly meseleler babatda özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem çärä gatnaşyjylaryň Diýarymyzyň innowasion tehnologiýalar pudagynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmagyna, hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, öndürilýän önümleriň hilini halkara derejä ýetirmäge giň şertleri döreder.
“Bu möhüm ähmiýetli foruma gatnaşýan myhmanlar häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri, maýa goýum strategiýasy, senagat-innowasion ösüşi, önümçilik ulgamyna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanşarlar” diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, döwletimiziň baý tebigy we çig mal mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy, dürli ugurlarda hususy ulgamyň önümçilikleriniň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklara, döwrebap senagat we önümçilik taslamalaryna goýulýan maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagy bilen bagly bolup durýar.
Türkmenistanyň maýa goýum forumy 18-19-njy sentýabrda geçirilýär. Foruma gatnaşmak üçin 45 ýurtdan 500-den gowrak wekil hasaba alyndy. Halkara bilermenleriniň 100-den gowragynyň çykyşlary meýilleşdirilýär.
Forumyň guramaçylary bolup, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Turkmen Congress kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady
«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7 orna çykdy
Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan nebitgaz forumyna gatnaşdy
«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygynyň saýtynda habar berilýär.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.