Işlenip geçilýän gaz känlerinde metan zyňyndylaryny azaltmagyň ýollary

14:14 15.09.2025 976

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14993/original-168c7d8f4354a6.jpg

Dünýäde pes uglerodly energetika geçişiň çaltlaşýan döwründe Türkmenistan hem energetika strategiýasyny işjeň diwersifikasiýalaşdyrýar. Türkmenistan halkara maýa goýujylar üçin işlenip geçilýän gaz we gazkondensat känleriniň ösüşiniň hemme tapgyrlaryndan başlap, güýçli Gün we ýel energetika taslamalaryna çenli giň mümkinçilikleri hödürleýär.

Durnukly ösüş başlangyçlary, şol sanda metan zyňyndylaryny azaltmak we täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary (mysal üçin, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ýanyndaky Gün-ýel elektrik stansiýasy) üçin halkara maýa goýujylara we hünärmenlere bu ugurdan degişli döwrebap maglumatlary we çuňňur derňewleri hödürlemek göz öňünde tutulýar. Ol, esasan, birnäçe meseleler bilen bagly bolup biler, ýagny ölçeg we ylmy barlag döwründäki we döwlet edaralary hem-de hususy kompaniýalar tarapyndan berilýän maglumatlaryň biri-birinden tapawutlylygy bilen ýüze çykýar.

Nebitgaz ýataklarynyň işşanlaryndaky (obýektlerindäki) gözegçilige alynmaýan syzmalar (guýular, obýektler, turbageçirijiler) düzgün boýunça enjamlaryň gurluşy ýa-da olaryň näsazlygy bilen bagly bolýar. Şeýle hem meýdan işleri döwründe gözegçilige alynmaýan zyňyndylar we alawlar bolup durýar. Hemişelik monitoringiň kömegi bilen atmosfera giňişligine goýberilýän zyňyndylary iş we barlag-ölçeg döwürlerinde barlamaklygy hökmany ýagdaýda ýola goýmak zerur bolup durýar. Nebitgaz pudagynda metan zyňyndylary guýularyň agyz sakasynda we beýleki çeşmelerinden ýüze çykyp biler.

Metan zyňyndylaryny ölçemegiň göni däl bolan zyňyndylaryň koeffisenti usulyny ulanmak bolar. Metan zyňyndylaryny göni ölçemek usulyna datçikler degişlidir. Metan zyňyndylaryny ölçemegiň datçik usulyndan öň hem aýlanyp çykmak, uçarlary ulanmak we hemra (sputnik) usullary hem peýdalanylyp başlandy. Häzirki döwürde iň amatly usullaryň biri datçikleriň ýerini üýtgetmek usuly bolup durýar. Zyňyndylaryň tizligine baha bermek ýeliň tizligini şleýfiň massasyna köpeltmek amala aşyrylýar. Işlenip geçilýän nebitgaz ýataklarynda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça iş meýilnamalaryny düzmek maksadalaýyk hasap edilýär. Hemranyň (sputnik) kömegi bilen metan zyňyndylary baradaky alnan köp maglumatlaryň çeşmelerini toplanma ýa-da akymyň tizligi ýaly toparlara bölmek bolar.

«Ýaşyl energiýa — ýagty geljek» atly şygar bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserni, «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti, «Ussatnews» elektron gazetiniň redaksiýasy bilelikde Türkmenistanda «ýaşyl» energiýa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmek hem-de energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu ugurda durmuşa geçirilýän işler barada ýazylýan iň gowy makalalaryň bäsleşigini yglan etmegi diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr. Çünki ýokarda agzalan möhüm meseleleriň oňyn çözgüdini tapmakda dürli pikirlerdir garaýyşlaryň beýan edilmegi wajyp ähmiýete eýe bolup durýar.

Ýeri gelende bellesek, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň mart aýynyň ahyrynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň binýadynda IT enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Maglumat-seljeriş merkezi açylyp, ýurdumyzyň gaz senagatynda emele gelýän parnik we metan gazlarynyň zyňyndylary baradaky maglumatlary toplamakda, seljerme geçirmekde, taslamalary düzmek babatda toplumlaýyn ylmy işleri alyp barmakda, daşky gurşawy goramakda onuň ähmiýetini[ uly boljakdygyny bellemek gerek. Maglumat-seljeriş merkezinde emeli hemralardan alnan maglumatlar barada we LDAR tilsimatyny ulanyp, hasaplamalary düzmek boýunça halkara derejede okuwlaryň guralmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmaga ýardam eder.

Işlenip geçilýän känlerde (Döwletabat gazkondensat käniniň mysalynda) metan zyňyndylaryny peseltmek iki tapgyrda geçirilse, amatly bolar diýlip hasap edilýär. Birinji tapgyrda iş meýilnamasyny işläp düzmek we guýulardaky hem-de suwuklygy gaýtadan ulanmakda metan zyňyndylaryny peseltmek boýunça synag-senagat işlerini geçirmek, ikini tapgyr bolsa gazy fakelde ýakmak, gazy gaýtadan işlemekde hem-de kompressoryň işi bilen baglanyşykly bolup, gözegçilige alynmaýan zyňyndylary öwrenmek bolup durýar.

Seredilýän käniň derejesinde zyňyndylary ölçemegiň tehnologiýasy boýunça degişli bilim we tejribe toplamak üçin birnäçe tejribe işlerini işläp düzmek we olary amala aşyrmak zerur bolup durýar. Guýulardan suwuklygy çykarmak, zyňyndylar sebäpli ýüze çykýan ýitgiler. Bu ýagdaýda atmosfera goýberilýän zyňyndylary azaltmagyň usullary aşakdakylary, ýagny sütüniň nasos-kompressor turbalarynyň diametrini kiçeltmegi, UIM (üst-işje[ maddalar) şaşkalaryň badyny ulanmagy, köpürjik pürkýän nasos enjamyny gurnamagy (Gün energiýasynda işleýän bolup biler) öz içine alýar.

Guýyny saklamak we ony gaýtadan ulanyşa goýbermek usulynda guýyny basmarlamak usuly ulanylýar, guýa gazyň gelmegini saklamak üçin geliý emele getiriji serişdäni ulanmak; suwuklygyň galyndylaryny gaýtadan ulanmagyň iş döwründe ýönekeý üýtgeşmeleri girizip, metan zyňyndylarynyň ep-esli bölegini azaltmak mümkinçiligi döreýär. Zyňylmany peseltmegiň şeýle usullaryna basseýinde nasos enjamyny gurnamak we kondensaty ýapyk gaplarda (rezerwar) ýygnamak, suwuň galyndylaryny gaýtadan ulanmak degişlidir.

Nebitgaz önümçiliginde gözegçiligiň esasynda metan zyňyndylarynyň aşakdaky usullaryny ulanmak teklip edilýär, ýagny könelişen enjamlary, şol sanda separatorlary we ýylylyk çalşyjylary çalyşmak; ýanmaýan alawlarda otlaýjynyň awtomatik ulgamyny gurmak we başgalar. «Ýaşyl» energiýa (ekologik) şertlerini üpjün etmegiň möhüm meselelerini çözmek üçin işleri ýörite düzxlen toplumlaýyn maksatnamalaryň esasynda amala aşyrmak teklip edilýär.

Türkmenistan sebitiň geljegini kesgitleýän strategik energetika taslamalaryny amala aşyrmagy üstünlikli dowam etdirýär. Bu işde ýurdumyzyň durnukly maýa goýum gurşawy, kanunçylyk kepillikleri sebit hem-de halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan işjeň gatnaşygyň esasy sütünleri bolup çykyş edýär.

Sapargylyç DURDYGYLYJOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri.

Başga makalalar
1632c426019de9.gif
Türkmenistanda nebit-gaz boýunça XXVII halkara forum geçiriler

Şu ýylyň 26-28-nji oktýabrynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022” XXVII halkara forum geçiriler.


164917f7d9c62d.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.


16194aa93f28f7.jpeg
«Türkmengaz» DK Auguste International Fze kompaniýasyndan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň gaz çykarýan beketlerindäki desgalary döwrebaplaşdyrmak üçin Auguste International Fze (BAE) kompaniýasyndan tehniki serişdeleri — enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar.


16194aaf55df73.jpeg
TNGIZT importyň ornuny tutýan önümleriniň önümçiligini giňeldýär

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän, importyň ornuny tutýan önümleriň görnüşleriniň giňeldilýändigi barada wise-premýer Şahym Abdrahmanow sişenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.


16805f28532b4d.jpg
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler

Şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler.