Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Täjigistan bilen hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga taýýar

13:16 11.09.2025 1733

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14970/original-168c11793a869e.jpg

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany soňky ýyllarda Täjigistanyň durmuş-ykdysady abadançylygynyň yzygiderli pugtalanýandygyny we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän ornunyň işjeň ýokarlanýandygyny belledi we türkmen tarapynyň türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin zerur tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Başga makalalar
1620df16f5e974.jpeg
Türkiýä, Russiýa we Özbegistana 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügi eksport edildi

«Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýeti 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügini eksport etdi. Hususan-da, kompaniýa bu önümi Türkiýä, Russiýa we Özbegistana iberdi diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berdi.


1681ed289a7a45.jpg
Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi

9-njy maýda Türkmenistanda şanly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi. Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


1681ed64aefc82.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

9-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna bardy. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


1620decd185720.jpeg
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksportyndan girdejisi 191 mln dollardan geçdi

2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksporty 191,8 million dollara barabar boldy, bu 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 186,2% artykdyr. Bu barada Trend agentligi Gruziýanyň Milli statistika müdirligine salgylanyp habar berýär.


1681f8971eec71.jpg
Nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.