Türkmenistanyň maýa goýum forumy – 2025 Awazada geçiriler
16:32 05.09.2025 2991
2025-nji ýylda Türkmenistanyň Maýa goýum forumyny (TIF 2025) geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti çäräniň geçiriljek ýerini üýtgetdi. Forum 18–19-njy sentýabrda Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynyň maslahatlar merkezinde geçiriler. Bu barada ORIENT habar berýär.
Guramaçylaryň bellemeklerine görä, forumyň Awazanyň häzirki zaman maslahatlar merkezine geçirilmegi, gatnaşyjylar üçin iş maksatnamasyny we resmi däl gepleşikleri geçirmekde iň amatly şertleri döretmek maksady bilen guraldy. Syýahatçylyk zolagynyň infrastrukturasy dürli ýurtlaryň wekilleri üçin rahat iş gurşawyny üpjün eder.
Guramaçylar gatnaşyjylar üçin aşakdaky hyzmatlary göz öňünde tutýarlar:
Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawlary:
Uçuş: 17-nji sentýabrda sagat 17:00, gaýdyp geliş: 19-njy sentýabrda sagat 22:00.
Howa menzili bilen myhmanhanalaryň we forumyň meýdançasynyň arasynda awtobuslar bilen ulag hyzmaty.
«Berkarar» we «Hazyna» myhmanhanalaryny goşmak bilen syýahatçylyk zolagyndaky ýerleşdirme.
Ýörite uçar gatnawyndaky orunlar çäklidir, sargyt etmek diňe hasaba alnan wekiller üçin ýüz tutmanyň gelýän tertibine görä amala aşyrylýar. Töleg bilen baglanyşykly jikme-jik maglumatlar hasaba alnandan soň berilýär.
Foruma gatnaşmak üçin wekilleriň hasaba alyş möhleti 2025-nji ýylyň 10-njy sentýabryna çenli uzaldyldy.
Türkmenistanyň 2025-nji ýyldaky Maýa goýum forumy (TIF 2025) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi tarapyndan «Turkmen Congress» guramasynyň goldaw bermeginde guralýar.
TIF 2025 forumy ýylyň iň iri ykdysady çäresi hökmünde görkezilýär. Ol maýa goýujylary, kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini ykdysady ösüşiň strategik meselelerini hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlemegi maksat edinýär.
Goşmaça maglumatlary elektron-poçta arkaly contact@turkmencongress.com ýa-da şu telefon belgisine jaň edip alyp bolýar: +993 71 87 18 14
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady
«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7 orna çykdy
Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan nebitgaz forumyna gatnaşdy
«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygynyň saýtynda habar berilýär.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.