“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 02.09.2025 - 15.09.2025
11:30 03.09.2025 2052
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy Moteurs Baudouin 6M21G385/5e2 kysymly hereketlendiriji (ДВС) üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça Türkmen manadynda №2025/27 belgili tender yglan edýär.
Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna:
- Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, KhalilulinBS@tatneft.tatar e-mail salga ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
2. Tenderiň tehniki talaplary arzada görkezilen e-mail salga ugradylar;
3. Bäsleşik tekliplerini bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli tabşyrmaly.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar üçin telefonlar: +993-222-6-43-66, +993-62-74-18-80.