Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy
15:45 02.09.2025 2009
31-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar diýip, TDH habar berýär.
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.
Sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy barha uly ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyz ŞHG-ä agza döwletler bilen dürli formatlarda hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuny pugtalandyrmaga we goňşy döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen ŞHG ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Tebigy gazyň we nebitiň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan guramanyň ýurtlary üçin özüne çekiji hyzmatdaş bolup durýar. Ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi, täze söwda ugurlarynyň döredilmegi, maýa goýum taslamalary ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edip, ýurtlaryň ählisiniň ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.
Birnäçe sagatdan soňra, Türkmnistanyň Prezidentiniň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Týanszin şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Döwlet Baştutanymyzy Hytaý Halk Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow “Meýszýan” sergi we maslahatlar merkezine bardy. Merkeziň foýesinde hormatly Prezidentimizi HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem-de onuň maşgalasy mähirli garşyladylar we bilelikde surata düşdüler. Sammite gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we onuň maşgalasy Pen Liýuanyň adyndan agşamlyk nahary berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e iş sapary dowam edýär.
Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan nebitgaz forumyna gatnaşdy
«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygynyň saýtynda habar berilýär.
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady
«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7 orna çykdy
Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini bellediler
2-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Muhammed Al Saudyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.