Russiýa we Türkmenistan logistiki we energetiki taslamalary ösdürmegi meýilleşdirýär - Lawrow

16:55 30.08.2025 3224

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14878/original-168b14f0be6f07.jpg

Russiýa bilen Türkmenistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda ulag-logistika we energetika taslamalary ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça Interfaks aýtdy.

"Şu günki gepleşiklerimiz Russiýanyň hem, Türkmenistanyň hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, ulag-logistika, infrastruktura we energetika ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge berk isleginiň bardygyny tassyklady" diýip, Lawrow penşenbe güni Moskwada geçirilen gepleşiklerden soň metbugat ýygnagynda belledi.

Başga makalalar
167ed1610c565e.jpg
Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.


16315c2abd5f05.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan nebitgaz forumyna gatnaşdy

«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygynyň saýtynda habar berilýär.


16315c2ecd2e59.jpeg
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady

«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.


16315909c1463e.jpeg
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7 orna çykdy

Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.


167ed3c0138493.jpg
Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini bellediler

2-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Muhammed Al Saudyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.