Türkmenistan we Hytaý Aşgabatda “Lu Ban ussahanasyny” açmak işini işjeňleşdirýär

13:13 26.08.2025 3240

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14857/original-168ac07b106773.jpg

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti we Sian şäherindäki Şiyu uniwersiteti Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasy» taslamasyny çaltlaşdyrmak boýunça bilelikdäki wideomaslahat geçirdiler diýip, 24-nji awgustda Orient agentligi habar berýär.

Üç ýokary okwu mekdebiniň wekilleri taslamanyň ösüşine degişli ähli ugurlary — enjamlaryň satyn alynmagy, daşalmagy we gümrük taýdan resmileşdirilmegi ýaly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda 2025-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin iş meýilnamasy hem ylalaşyldy. Taraplar sentýabra çenli laboratoriýanyň döredilmegini tamamlamak we ýylyň ahyryna çenli «Ussahanany» resmi taýdan açmak üçin işleri çaltlaşdyrmaga ylalaşdylar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow hytaýly hyzmatdaşlaryna beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Öz gezeginde, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň prorektory Ma Sýançaý iki hytaý uniwersitetiniň enjamlaryň ilkinji tapgyryny eýýäm satyn alandygyny we häzirki wagtda olaryň sanawyny düzmek hem-de ibermäge taýýarlamak işlerini alyp barýandygyny tassyklady.

Maslahatyň dowamynda türkmen we hytaý hünärmenleri Geologiýa serişdelerini barlamak laboratoriýasynyň we häzirki zaman maglumat tehnologiýalary laboratoriýasynyň täzeden gurulmagyna degişli meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem enjamlaryň bökdençsiz geçirilmegi we «Bir guşak, bir ýol» bilelikdäki laboratoriýasynyň döredilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy. Taslama boýunça baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasy (CNPC) hem gatnaşar. Bu ýagdaý bilim ulgamynyň önümçilik bilen utgaşdyrylýandygyny görkezýär.

«Lu Ban ussahanasy» — Hytaý hökümeti tarapyndan başlanan halkara hünär bilimi taslamasydyr. Onuň maksady hyzmatdaş ýurtlarda adam serişdeleriniň ösüşine ýardam bermek, ýokary hilli hünär-tehniki bilim bermek arkaly täze nesil hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Taslama gadymy hytaý ussady we senetkäri bolan Lu Banyň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol ussatlygyň nyşany hasap edilýär. «Ussahanalar» medeni we bilim alyş-çalşygynyň köprüsine öwrülip, tehnologiýalaryň geçirilmegine hem-de häzirki zaman enjamlar bilen işläp bilýän ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistanda şeýle merkeziň açylmagy ýokary bilimiň döwrebaplaşdyrylmagyna, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we häzirki zaman şertlerinde zerur bolan hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly goşant goşar.

Başga makalalar
167ed1610c565e.jpg
Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.


16315c2abd5f05.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan nebitgaz forumyna gatnaşdy

«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygynyň saýtynda habar berilýär.


16315c2ecd2e59.jpeg
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady

«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.


16315909c1463e.jpeg
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7 orna çykdy

Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.


167ed3c0138493.jpg
Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini bellediler

2-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Muhammed Al Saudyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.