Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady
21:30 22.08.2025 2242
22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda geçirilýän ýokary derejede duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady. Şeýle hem täze taryhy eýýamyň möhüm wakasyny özünde jemleýän syýasy çärä gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza sapar bilen geldiler. Bu halkara çäre sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny alamatlandyrdy.
Häzirki döwürde Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan syýasy-diplomatik ulgamda bolşy ýaly, beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa sebitde ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň baş şerti bolup durýar. Goňşy döwletleriň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygyň Hazar deňziniň kenarynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýokary derejeli halkara çäreleriniň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrýar.
Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan nebitgaz forumyna gatnaşdy
«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygynyň saýtynda habar berilýär.
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady
«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7 orna çykdy
Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini bellediler
2-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Muhammed Al Saudyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.