TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystandan telekeçiler suwuklandyrylan gaz satyn aldylar
11:51 12.08.2025 2573
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we hlorly natrini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekillerine nah ýüplük we nah mata, pagta süýümi, distillirlenmedik çig ýagly kislotalar, nah galyndylar ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 301 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, jemi bahasy 818 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy satyn aldylar.
Türkmenistanyň we Filippinleriň wekilleri energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
5-nji iýunda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň wekilleri Filippinler Respublikasynyň Energetika ministrligi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Ýurdumyzda Prezident saýlawlaryna uly gyzyklanma bildirilýär
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk, aýdyňlyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry — ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak tamamlandy.
Türkmenistanyň DIM-inde türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen duşuşygynda türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
TESC 2025 halkara forumy başlaýar
5-nji iýunda Aşgabatda "Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamakda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri" atly halkara ylmy-amaly maslahat (TESC) öz işine başlaýar. Forumuň guramaçylary hökmünde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Turkmen Energy Forum” bilen bilelikde çykyş edýärler.
Türkmenistan we Hindistan hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe
6-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.