Türkmenistanyň we Owganystanyň diplomatlary Moskwada strategik hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
10:42 24.07.2025 2660
24-nji iýulda Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Moskwada Owganystanyň ilçisi Mawlawi Gul Hassan Hassan bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Habarlar portaly ýazýar.
Duşuşykda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar iki döwletiň taryhy taýdan berk gatnaşyklaryny nygtap, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk ädimlere aýratyn üns berildi.
Bu duşuşyk Russiýanyň ilkinji bolup Owganystanda «Taliban» hereketiniň häkimiýetini resmi taýdan ykrar etmeginiň çäginde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda Aziýanyň köp ýurtlary tarapyndan Owganystan bilen diplomatik gatnaşyklarynyň işjeňleşýändigine gözegçilik edilýär.
Türkmenistan uzak wagtdan bäri Owganystan boýunça işjeň pozisiýany eýeleýär we ony giň gerimli sebitleýin infrastruktura taslamalaryna yzygiderli çekýär. Şolaryň arasynda: TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçiriji we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bar. Bu taslamalar Owganystanyň energetika we sanly infrastrukturasyny ösdürmäge, şeýle hem täze söwda-ulag mümkinçiliklerini açýan demir ýol ugurlaryna gönükdirilendir.
Bu taslamalar diňe bir ykdysady taýdan peýdaly bolman, iş orunlaryny döretmäge, ykdysadyýeti ösdürmäge we sebitleýin gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem ýardam edýär.
Moskwadaky duşuşyk Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi goldamakda netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirýändiginiň tassyklamasy boldy.
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri Malaýziýada hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde önümçilik tejribeligini hem-de hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler.
Türkmenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary döwletara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Pakistan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlylygyny tassyklady. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistan we Belgiýa ýokary derejeli hyzmatdaşlygy berkitmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Belgiýanyň ýokary derejeli resmi wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär. Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda iň ýokary derejede gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Serdar Berdimuhamedow Guterrişe BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy
Türkmensitanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.