TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
05:39 23.07.2025 1449
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Gonkongyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine dokma önümleriniň dürli görnüşleri, buýan köküniň goýy ekstrakty, guradylan garapaçak pileleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 69 million 190 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin polipropileni we nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 95 million 680 müň manada deň boldy.
Prezident: Türkmenistan ýaponiýaly işewürlere özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ähli şertleri hödürlemäge taýýar
Ýaponiýa bilen işewürlik hyzmatdaşlygyny ynamly meýilleşdirmek üçin ýurdumyzda ähli şertler bar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Tokioda ýapon işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda belledi.
QazaqGaz we Gazprom Gazagystanyň üsti bilen tebigy gazy üstaşyr geçirmek hakynda şertnama baglaşdylar
Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde «MK «QazaqGaz» PJ-niň müdirliginiň başlygy Sanjar Jarkeşow we “Gazprom” PJ-niň müdirlginiň başlygy Alekseý Miller Gazagystanyň üsti bilen Özbegistana we Gyrgyzystana üstaşyr ibermek hakynda ylalaşyklara gol çekdiler diýip, milli kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň we HHR-niň Liderleri Hytaýa täze gaz geçirijiniň gurluşygy barada ylalaşdylar
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen ýangyç-energetika we himiýa toplumlarynda täze taslamalary maslahatlaşdy
15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Sigeru Isiba bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika we himiýa toplumlarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.