CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 19.06.2025 - 02.07.2025
13:58 20.06.2025 2897
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda seljerme (analiz) we laboratoriýalar üçin himiki reagentleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Seljerme (analiz) we laboratoriýalar üçin gerekli himiki reaktiwleriň sanawy:
- Kükürt kislotasy – H₂SO₄
- Hlorowodorod kislotasy – HCl
- Metildietanolamin (MDEA) – (HOС₂H₄)₂CH₃N
- Aseton – C₃H₆O
- Tetrahlormetan – CCl₄
- Etilendiaminоtetrauksus kislotasynyň dinatriý duzy (EDTA) – C₁₀H₁₄O₈N₂Na₂·2H₂O
- Natriý azidi – NaN₃
- Asetouksus
- Senagat trinatriýfosfaty
- R290 – Suwuk propan
- Hloryň durnukly dioksidi.
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
Tenderiň belgisini we adyny, gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank rekwezitlerini görkezmek bilen Tendere gatnaşmak üçin arza.
Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:
Jogapkär hünärmen: Şasoltan Kadyrowa
Telefon belgisi: +993-12-44-57-01