«Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ylmy esaslary»
04:20 17.06.2025 1349
Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa YBTGI-niň ylmy işgärleri, ýaş hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatda institutyň hünärmenleriniň gaz, nebit, geologiýa işlerinde ýerine ýetiren we alyp barýan barlag, seljerme işleri, pikirleri, teklipleri diňlenildi. Olar, hususan hem, ýerine ýetirýän ylmy taslamalary, ýagny Gazly köpgümmezli käniniň antiklinal däl ýataklary; nebitgazlylyk babatynda geljegi bar bolan Kükürtlije käniniň geologik-geofiziki maglumatlaryny toplumlaýyn öwrenmek bilen, gözleg guýusyny burawlamaklyga teklip bermek; anomal pes gatlak basyşly guýulary basmarlamakda ulanylýan erginleri işläp düzmek üçin geçirilen barlaglar; gaz we gazkondensat känleriniň karbonat önümli gatlaklarynyň syzdyryjylygyny dikeltmek; dik rezerwuarlaryň demriniň poslamasy; parnik gazy we klimatyň üýtgemeginiň meselesi barada çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahatyň barşynda halypa işgärler bilen ýaş hünärmenleriň arasynda sorag-jogap alşyldy. Soňra maslahat bölümçeleriň birnäçesinde öz işini dowam etdi.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan YBTGI-niň ýadawsyz, göreldeli zähmeti bilen tapawutlanýan işgärlerine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmekde ekologiýa howpsuzlygynyň ähmiýeti uludyr.
Türkmenistanyň we Şwesiýanyň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Stokgolmda türkmen-şwed syýasy geňeşlemeleri geçirildi. Olaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berilýär.
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
Ýakynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Ylym-bilim geljegiň röwşen ýoly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
TIF 2024-e gatnaşmak üçin 500-den gowrak wekil hasaba alyndy
Geljek hepdede Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy – TIF 2024 geçiriler. Onda milli ykdysadyýeti ösdürmegiň strategiýasy, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek meseleleri maslahatlaşylar. Forum giň gerimli bolar, çünki oňa 500-den gowrak wekil gatnaşar, şol sanda düzlet düzüminiň, hususy ulgamyň, halkara guramalarynyň we daşary ýurt maýadarlarynyň wekilleri gatnaşar.
«Galkynyşda» ýene bir guýy önüm berdi
Tebigy gazynyň möçberi boýunça dünýäde belli bolan «Galkynyş» gaz käni bu gün «mawy ýangyjyň» iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek baradaky öňdengörüjilikli beýik başlangyçlary bu gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.