Aşgabatda uglewodorod känlerini işläp taýýarlamakda täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologiýa jähtleri maslahatlaşylar

11:52 31.05.2025 3161

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14159/original-168394b64f3e6c.png

5-nji iýunda Aşgabatda "Uglewodorod känlerini özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologiýa jähtleri" (TESC) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu foruma Türkmenistanyň “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen bilelikde “Türkmen Energiýa Forumy” guramaçylyk edýär.

Forumyň maksady – daşky gurşawy goramak we ýaşyl geljege gönükdirilen iri energetika kompaniýalary, halkara guramalar, akademiki jemgyýetçilikler we maliýe institutlary bilen türkmen döwlet edaralarynyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmenistan ekologiýa meselelerine aýratyn üns berýär, hususan-da, nebitgaz känleri özleşdirilende metan we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmaga uly ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: “Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň derejesini nol derejä çenli ýetirmegi, uzak möhletli meýilnamada bolsa zyňyndylary ýylsaýyn yzygiderli azaltmagy meýilleşdirýär. Muny ýurduň öz serişdeleriniň hasabyna hem-de halkara guramalaryň tehniki we maliýe goldawy bilen amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Türkmenistan bu meselelerde utgaşykly çemeleşmäniň tarapdary bolup, daşky gurşawy goramak ugrunda anyk ädimleri ädýär we bütin adamzat üçin möhüm bolan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösmegine öz goşandyny goşmaga çalyşýar” diýip belledi.

Maslahata Türkmenistanyň hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri, milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, energetika guramalarynyň ýolbaşçylary, iri halkara institutlaryň we ylmy merkezleriň wekilleri gatnaşar.

Forumyň myhmanlarynyň sanawynda dünýä belli kompaniýalaryň – CNPC, BP, Exxon Mobil, Petronas, ADNOC, Mitro International, Buried Hill, NAPECO, Dragon Oil, ENI, Lukoýl – wekilleri bar. Şeýle hem halkara nebitgaz guramalary – Halkara Energetika Agentligi (IRENA), Bütindünýä gaz merkezi, Gaz eksport edýän ýurtlaryň forumy, Nebit inženerleriniň jemgyýeti, Energetika Hartiýasynyň sekretariaty – gatnaşarlar.

Şeýle-de, BMG, ÝHHG, Bütindünýä Banky, Aziýa ösüş banky, Ýewropa täzeleniş we ösüş banky ýaly köp sanly halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň we Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri çykyş eder.

Maslahata hem-de onuň çäklerindäki işewür duşuşyklara gatnaşmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa pudagynyň ekologiýa taýdan arassa ugra gönükdirilen diwersifikasiýasy boýunça maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döreder.

Forumyň çäklerindäki çykyşlar we panel sessiýalar geçiriler, Türkmenistanyň giň energetika mümkinçiliklerini özleşdirilende zyňyndylary we ugurdaş gazlary azaltmak boýunça soňky başlangyçlar tanyşdyrylar.

Bu halkara maslahat özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ajaýyp meýdança bolar.

Maslahat barada giňişleýin maglumat bilen şu sahypada tanşyp bilersiňiz: https://tesc-turkmenistan.com/ru

Başga makalalar
167d29c904a9d9.jpg
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi

12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


161d7e6c4b374f.jpeg
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder

OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.


1651d0812a79d8.jpg
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.


16392d7b3c4545.jpeg
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.


166ed3c08622d6.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.