Gaz geçirijiler uzalýar
04:15 20.05.2025 18198
Ýurdumyzyň sebitleriniň, şol sanda Mary welaýatynyň etrap-şäherlerindäki gaz hojalyk edaralarynyň işgärleriniň çekýän ýadawsyz zähmeti arkaly bagtyýar ýaşaýjylaryň öýleri «mawy ýangyç» bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilýär. «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleriniň işleri hem şunuň aýdyň mysalydyr.
Soňky iki-üç ýylyň içinde etrabyň obalarynda täze ilatly ýerler emele geldi. Şoňa görä, 2024-nji ýyl üçin bellenilen meýilnama laýyklykda, Milli maksatnama esasynda umumy uzynlygy dokuz müň metr bolan dürli göwrümli gaz geçirijiler guruldy. Şeýlelikde, etrabyň Agzybir, Akýap, Daýhan, Gyzylgum, Merdana, Çerkezköl, Görelde, Çaşgyn geňeşliklerindäki täze ilatly ýerler doly gazlaşdyryldy.
«Şu ýyl biziň öňümizde etrapda on müň iki ýüz metr uzynlykdaky dürli basyşly gaz geçirijilerini gurmak wezipesi durýar. Häzir biz bu işleri ýokary depginde alyp barýarys. Biz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylda etrabymyzyň Garaýap geňeşliginiň çäginde uzynlygy bir müň üç ýüz on metr, Söýünsary geňeşliginde bolsa uzynlygy bäş ýüz metr bolan orta basyşly gaz geçirijileri gurup ulanmaga bereris.
Etrabymyzda ýigrimi bäş müňe golaý hojalyk bar. Olary tebigy gaz bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün etmekde kärhanamyzyň hünärmenleridir işçileriniň her biriniň mynasyp paýy bar. Bu işlere kärhanamyzyň heläkçiligi dikeldiş we abatlaýyş gullugynyň ussasy Batyr Bekdurdyýew, şol gullugyň gaz bilen kebşirleýjisi Babajan Nurlyýew, daşary gaz geçirijiler gullugynyň slesarlary Ýagşy Garýagdyýew, Merdan Abdyýew, Allak Gurbangeldiýew, tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça birinji derejeli inžener Muhammet Gurbandurdyýew dagy has-da saldamly goşant goşýarlar» diýip, «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Arslan Akweliýew gürrüň berýär.
Kärhananyň işgärleri etrabyň çägindäki umumy uzynlygy bir müň bir ýüz segsen iki kilometr bolan dürli basyşly gaz geçirijilere hyzmat edýärler. Olar häzir etrabyň çägindäki gaz paýlaýjy desgalary, gaz sazlaýjy enjamlary, gaz geçirijilerini güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işlerine-de guramaçylykly girişdiler. Gazçylar gaz desgalaryna, gaz enjamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek, reňklemek işlerini ýerine ýetirýärler, gaz geçirijileriň degişli ýerlerinde bejergi işlerini geçirýärler.
Sapardurdy ÝAÝLYÝEW
«Galkynyş» gaz känindäki guýudan senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 271-nji belgili ulanyş gaz guýusynda buraw işleriniň 4 müň 665 metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4518 — 4333 metr aralyklardaky gatlaklarda jemi 105 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde tebigy gazyň ýokary basyşly, senagat ähmiýetli akymy alyndy.
Ylmy-barlag we taslama işleri Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge ýardam edýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek üçin onuň öňünde duran köp sanly toplumlaýyn meseleleri üstünlikli çözmäge ýardam etmek bilen, geologiýa gözleg, ýataklary işläp geçmeklige taýýarlamak we ulanyşa goýbermek, burawlamak, gaz pudagynyň ähli desgalarynda gurmak-gurnamak we durkuny täzelemek, şol sanda gazy gaýtadan işlemek we taýýar önümi sarp edijilere ugratmak boýunça ylmy-barlag we taslama işlerini ýerine ýetirýär.
Suw arassalaýjylaryň hyzmaty
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Garybata» suw arassalaýjy desgasy hem kuwwatly kärhanalaryň biridir.
Zawodlar toplumyndaky buýsançly ösüşler
Ýeriň jümmüşindäki nebit çig malynyň tassyklanan gorlarynyň on göterimine barabarynyň berkarar türkmen döwletiniň paýyna düşýändigi buýsançly hakykatdyr. Türkmen topragyna rowa görlen bu uly baýlygy halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika pudagynyň kerwenbaşysy bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda diňe soňky ýyllarda alnyp barylýan ägirt uly işler hem muny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.
Ümzükleri ileri, maksatlary aýdyň
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleri etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar. Dürli derejeli işçi-hünärmenleriň bir ýüz otuza golaýynyň agzybirlik bilen işleýän zähmet köpçüliginde her bir işde halypa gazçylaryň göreldesine eýerilýändigini, ýaş hünärmenleriň öz hünär ussatlyklaryny artdyrmaklarynda baý iş tejribesine eýe bolan işgärleriň möhüm ornunyň bardygyny edaranyň ýolbaşçylary buýsanç bilen gürrüň berýärler.