“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 16.05.2025 - 29.05.2025
08:13 17.05.2025 2086
Şertnamanyň Goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy awtomatlaşdyrylan turba kesiji stanok üçin kesiji gural satyn almak boýunça manatda № 2025/16 belgili tender yglan edýär.
Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna:
- Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, tatneft.tender@mail.ru elektron salga ýazmaça görnüşde arza ugratmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
2. Tenderiň tehniki talaplary arzada görkezilen salga ugradylar;
3. Bäsleşik tekliplerini (“A” we “B” bukjalarda) bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli tabşyrmaly.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we tenderiň şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+993 222 64366, +993 63 82 68 95.
e-mail salgysy: tatneft.tender@mail.ru