CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 13.05.2025 - 26.05.2025
06:36 14.05.2025 2395
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy №1 we №2 gaz geçiriji agregatlaryň gaz turbinalaryny sökmek, öndüriji zawodyna eltip düýpli abatlamak, yzyna getirip gurnamak boýunça № CIT-25008-SR belgili tender yglan edýär.
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
- Tenderiň belgisini we adyny, gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank rekwezitlerini görkezmek bilen Tendere gatnaşmak üçin arza.
- Tender resminamalaryny (ITB) almaklyga töleg geçirmek üçin hasap belgisini almaly. Töleg geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda gowşurylar.
- Tender resminamalarynyň doly bukjasyny (ITB) almak üçin kompaniýanyň wekiliniň pasport nusgasy, tender resminamalaryny almaga hukuk berýän esasy ynanç hatynyň nusgasy we töleg geçirilendigini tassyklaýan resminama görkezilmelidir.
Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:
Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan
Telefon belgisi: +993-12-44 54 34