“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 13.05.2025 - 17.05.2025
06:37 14.05.2025 2081
Şertnamanyň Goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy manatda çeýe sorujy kompressor turbalara (ГНКТ) esaslanýan toplumy ulanmak arkaly guýularyň düýbüni ýuwmak we arassalamak hyzmatlaryny bermek biýunça marketing soraşmasyny geçirýär.
Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna
bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 5 (bäş) senenama gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli bäsleşik tekliplerini tabşyrmaly.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we tenderiň şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+993 61 06 17 99.
e-mail salgysy: tatneft.tender@mail.ru