Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy

13:01 04.04.2025 3274

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13674/original-167ef7d8e98a24.jpg

3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-kommunikasiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, bu duşuşygyň ÝB bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik ugurda has işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýar. «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Ýewropa Geňeşiniň Başlygy ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçirilen duşuşygynyň ähmiýetini belläp, ýokary derejeli bu çäreleriň iki sebitiň arasyndaky köpugurly, uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň sebit üçin möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalar bilen bilelikde geljegi uly Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerini işjeň ösdürýändigini belläp, şol geçelgeleriň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň geçiriljekdigini aýtdy we Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koştany bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle-de döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini aýdyp, ýurdumyzyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.