Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň Prezidenti Ýewropa komissary bilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
09:45 14.03.2025 2862
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýär.
Özara hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzda ylym-bilim, ekologiýa, energetika ulgamlarynda, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek babatda hem Ýewropa Bileleşigi bilen birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmegi bilen baglylykda, üstaşyr ulag geçelgelerini kämilleşdirmek strategik ähmiýete eýe bolýar. Şunda Türkmenistanda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça geljegi uly ulag geçelgeleriniň işjeň ösdürilýändigi nygtaldy.
Döwlet Baştutany bu ugurda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň aýratyn ähmiýetini belläp, onuň uly möçberli ýük akymlarynyň ýoluny we wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýändigini, Gara deňziň kenarlaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýändigini aýtdy we portuň Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, Hazarüsti ulag geçelgesi, ÝB-niň "Global Gateway" başlangyjynyň möhüm bölegi hökmünde, ÝB-niň energetika komissary Ýozef Sikelanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçiren duşuşyklarynda esasy ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň biri boldy.
"Komissar Sikela Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirmegi maksat edinýän bu strategiki geçelgede Türkmenistanyň möhüm ornuny goldamak babatda Ýewropa Bileleşiginiň ygrarlydygyny tassyklady", - diýlip beýanda nygtalýar.
"Biz Türkmenistany Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde esasy hyzmatdaş hökmünde görýäris. “Global Gateway” başlangyjynyň çäginde, esasanam Hazarüsti ulag geçelgesi arkaly has çalt we ygtybarly söwda ugurlaryny döretmek isleýäris. Bu täze mümkinçilikleri açar, maýa goýumlary çekmäge we iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Biziň tagallalarymyz, söwda ugrunyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda bary-ýogy 15 güne çenli gysgaldylmagyna, şol bir wagtda-da Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky möhüm söwda merkezine öwrülmegine gönükdirilendir" diýip, metbugat beýanatda aýdylýar.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.