“Türkmengazgurluşyk” ÝGPJ halkara bäsleşik yglan edýär: 10.03.2025 - 24.04.2025
05:26 19.03.2025 4119
Hormatly jenaplar!
“Türkmengazgurluşyk” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Arkadagyň ak patasy bilen başlanan, “Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan, Serhetabat-Gerat gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin zerur bolan kömekçi materiallar bilen üpjün etmek boýunça üpjün edijini saýlap almak üçin halkara tender yglan edýär.
Lot №5 – Kömekçi enjamlar we materiallar.
Tenderde gatnaşmak üçin “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” (TAPI) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Müdirlige (Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi, 189 salgy boýunça) aşakdaky resminamalary tabşyrmak zerurdyr:
-bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we kompaniýanyň işewürligi (esasy iş ugurlary, bu ugurda amala aşyran taslamalary we ş.m.) hakynda maglumatlary görkezip, ýazmaça görnüşde arza;
-bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasyny almak üçin 575 (bäş ýüz ýetmiş bäş) ABŞ dollary möçberinde ýa-da onuň ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (rezidentler üçin) töleg.
Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da şol ýerde bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.
Bäsleşik teklipleri tender tölegi tölenenden soňra kabul edilýär.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda görkezilen salgy boýunça ýerli wagt bilen 12:00 çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Zerur maglumatlary www.oilgas.gov.tm salgysyndan ýükläp alyp bilersiňiz.
Telefon/faks: + (993 12) 95-76-93.