Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahata taýýarlygy maslahatlaşdylar
14:51 25.02.2025 3690
24-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen geçiren duşuşygynda şu ýyl geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatyna taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany häzirki wagtda Türkmenistanda ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň ulag-logistika pudagyny ösdürmek üçin berk esas bolup durýandygyny, şoňa görä-de, sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini ilerletmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy.
Şunda bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işleriň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça kabul eden Kararnamalarynyň ähmiýeti bellenildi.
- 2022-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň, halkara hem-de sebitara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahat geçirildi. Onuň dowamynda durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şol gün Rabab Fatima Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyp, maslahatyň gün tertibi, protokol-guramaçylyk meseleleri, şol sanda Jemleýji we beýleki resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Söhbetdeşler bu çäräniň ulag we sanly arabaglanyşygy gowulandyrmak hem-de dünýä ýurtlarynyň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini açmak arkaly durnukly ösüş, ekologiýa we azyk howpsuzlygy ugurlarynda anyk hereketler üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdiler. Munuň özi Türkmenistanyň milli bähbitlerine hem-de daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.
Şunuň bilen baglylykda, DIM-niň bellemegine görä, 500 milliondan gowrak ilaty bolan 32 sany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geografiki ýerleşişleri bilen baglanyşykly umumy wehimlere eýediklerini, munuň bolsa olaryň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryna täsir edýändigini bellemek zerurdyr.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa saparynyň dowamynda 15 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň 6-7-nji dekabrda Moskwa iki günlük saparynyň netijeleri boýunça on bäş sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
GlobalPetrolPrices: Türkmenistan — benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugynda galmagyny dowam edýär. GlobalPetrolPrices-yň maglumatlaryna görä, 5-nji dekabra çenli ýagdaýa görä, Türkmenistan oktan mukdary 95 belgili benziniň elýeterliligi boýunça reýtingde ýedinji orny eýeleýär. 1 litr benziniň bahasy ýurtda 0,433 dollar.
Mongoliýanyň Prezidenti güýzde Türkmenistana döwlet sapary bilen geler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Dorj Baýarhuu bilen duşuşygynda şu ýylyň güýzünde Mongoliýanyň Prezidentiniň ýurdumyza amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e iş sapary tamamlandy
3-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.