Ýurdumyzyň uly baýlygy bolan tebigy gazyň öndürilişini artdyrmak onuň gorunyň üstüni dolduryp durmagy talap edýär. Bu möhüm işe «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baýlyk agtaryjylary netijeli gatnaşýarlar. Olar ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gözleg-buraw işlerini giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Demirgazyk Gazlydepe hem netijeli iş alnyp barylýan meýdançalaryň biridir. Buraw ussasy Aganyýaz Akyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar toparynyň agzalary bu ýerde 3-nji belgili guýyny burawlamagy üstünlikli tamamladylar.
— Burawlanan guýynyň taslama çuňlugy 3 müň 300 metre barabardyr. Alyp barýan işimiziň maksady bu meýdançanyň baýlyk goruny anyklamakdan ybaratdyr. Ozal bu ýerde burawlanan 1-nji belgili guýudan tebigy gazyň senagat akymy alnypdy. Biz häzirki günlerde täze guýyny özleşdirmek işlerini alyp barýarys. Deslapky çaklamalar bu gözlegimiziň şowly tamamlanjakdygyna berk ynam döredýär — diýip, buraw ussasy Aganyýaz Akyýew gürrüň berýär.