Türkmenistan III Hazar ykdysady forumynda birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi
15:42 20.02.2025 3004
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 17-18-nji fewralda Tähran şäherinde geçirilen Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
H.Geldimyradow öz çykyşynda bilelikdäki logistika merkezlerini we meýdançalaryny döretmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etmek bilen, Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hindi ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň, şeýle hem Hazarüsti halkara ulag ugrynyň taslamalarynyň ähmiýetini nygtady diýip, DIM belleýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny we Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek we Çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp düzmek boýunça başlangyçlaryna foruma gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
Çäräniň dowamynda 6 sany mowzuklaýyn mejlisler geçirilip, olaryň barşynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleri bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hazarýaka sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag infrastrukturasy, energetika, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak babatynda we beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň geljegi ýaly wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak ykdysady forumyň umumy mejlisiniň gün tertibine girizildi.
Foruma gatnaşyjylar onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň sebitleýin ykdysady utgaşygyna ýardam berjekdigine we Hazaryň halkara söwdasynyň strategiki merkezi hökmündäki ornuny ýokarlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.
Umumy mejlisiň jemleri boýunça wekiliýetleriň ýolbaşçylary Üçünji Hazar ykdysady forumynyň Bilelikdäki beýanaty kabul etdiler.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref tarapyndan kabul edildi.
«Demirgazyk akymy» boýunça ibermeler dikeldilenden soň hem Ýewropada gazyň bahasy arzanlamady
«Demirgazyk akymy» boýunça ibermeler dikeldilenden soň hem Ýewropada gazyň bahasy arzanlamady. Eýýäm bir hepde bäri bahalar müň kub metrine 1600 dollar derejesinde saklanýar.
Çökgünlik howpy nebitiň bahalaryny aşakladýar — analitikler II ýarym ýylda Brentiň bahalarynyň 100 dollar bolmagyna garaşýarlar
Energiýa geçirijileriň bazarynda çökgünlik zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelip biljek çökgünlik bilen bagly howatyrlanmalar iýul aýynyň dowamynda Brent nebitiniň bahalaryny 7% aşaklatdy. Bu günki gün barreliň bahasy 103 dollardan aşaklatdy. Pudaklaýyn analitikler bahalaryň ýene-de birnäçe dollar aşaklajakdygyna we şol derejede 2022-nji ýylyň ahyryna çenli saklanjakdygyna ynanýarlar diýip, Interfaks habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň üsti bilen energiýa geçirijileriniň ibermelerini artdyrmaga taýýar
Penşenbe güni Çolpon-Atada (Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl welaýaty) Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň dördünji Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri gatnaşdy.
Awtobenzin we suwuklandyrylan gaz TDHÇMB-niň söwdalarynyň walýuta geleşikleriniň esasyny düzdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 73-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 403 müň dollaryndan gowrak boldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada nebitgaz we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
27-nji ýanwarda Tokio şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli toplumy, şol sanda nebitgaz topumy boýunça okgunly ösdürilýändigi nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.