“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 20.02.2025 - 26.02.2025

08:12 23.02.2025 3134

 “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy Jebel (Türkmenistan) – Bugulma (Russiýa) ugry boýunça enjamlary daşamak boýunça Russiýanyň pul birliginde (rublda) we manatda bäsleşik yglan edýär. Daşama 21 wagonda amala aşyrylmaly: 14 platforma, 6 ýarym wagon, 1 ýapyk (теплушка) wagon. Bahanyň içine girizilmeli: Gazagystanyň we Russiýanyň çäginde demir ýol ýük gatnawynyň nyrhy, ýüküň berkidiliş we ýükleniş shemalarynyň işlenip düzülmegi we tassyklanylmagy, berkidiş enjamlarynyň üpjünçiligi we gurnalmagy, ýapyk (теплушка) wagonyň enjamlaşdyrylmagy, 2 gorag işgäri we 1 ekspeditor bilen üpjünçilik.

Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna:

  • Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, tatneft.tender@mail.ru elektron salga ýazmaça görnüşde arza ugratmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplary arzada görkezilen salga ugradylar;

3. Bäsleşik tekliplerini (“A” we “B” bukjalarda) bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli tabşyrmaly.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we tenderiň şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993-61-06-17-99.

e-mail salgysy: tatneft.tender@mail.ru

Başga makalalar