«Sen uçmak isleseň, ganat bolardym...» diýip, süýji hem pessaý heň bilen aýdyma başlaýan halypa aýdymçy ýekeje jümläniň üsti bilen müňlerçe diňleýjiniň kalbyna ganat baglaýar. Halypanyň gözlerini ýumup, tutuş durky bilen aýdyma siňip oturyşy-da ussatlygyndan habar berýär. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Atamyrat Atabaýewiň sözlerine döredilen bu aýdym Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparowyň ýerine ýetirmeginde diňleýjileriň ýürek töründen orun aldy. Kämil şygyr ussat aýdymçynyň zehini bilen gaýtalanmajak sungat eserine öwrülip, oňa täze, has belent ykbal bagyşlady. Türkmen gözellerimizi wasp edýän «Türkmen gözeli» aýdymyny diňlän mahalyň sadadan edep-ekramly gyzlarymyzyň keşbi göz öňüňde janlansa, «Şirina» aýdymynda çynar boýly, owadan hem mylaýym Şiriniň keşbi ör-boýuna galýar.
Hawa, ussat halypanyň ýerine ýetirýän aýdymlary ynsan kalbyna nur bolup dolýar. Biz okyjylarymyzyň isleglerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparowy redaksiýamyza myhmançylyga çagyryp, onuň bilen söhbetdeş bolduk.