CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 17.02.2025 - 26.02.2025
05:35 20.02.2025 2845
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy birlik bahaly şertnama esasynda Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda akym liniýalarynyň we guýularyň agzynynyň taslamasyny düzmek, gerekli önümleri satyn almak, gurmak we işe girizmek boýunça № CIT-24151-SR belgili tender yglan edýär.
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
- Tendere gatnaşmak üçin arza.
- Kompaniýa barada adyny doly görkezmek bilen, alyp barýan işewürligi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, hasaba alnan ýurdy we ygtyýarnamasy barada maglumat.
- Kompaniýanyň soňky 3 ýyl boýunça maliýe ýagdaýy barada maglumat.
- Kompaniýanyň nebit-gaz ulgamynda bu ugurda soňky 3-5 ýylyň içinde ýerine ýetiren taslamalary we iş tejribesi barada maglumat.
- Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalyk şahadatnamasynyň nusgasy (diňe ýerli kompaniýalar üçin).
- Kompaniýanyň tender işine gatnaşan halatynda bank kepilligini bermäge taýýarlygy barada resmi hat.
Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny iňlis we rus dillerinde taýýarlap, möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:
Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan
Telefon belgisi: +993-12-44 54 34
Faks: +993-12-44 50 44