Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3% boldy
07:11 17.02.2025 2616
2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 14-nji fewralda geçiren Hökümet mejlisinde aýtdy.
Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 3 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, welaýatlarda goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 9 göterime deň boldy.
2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,2 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 1,1 göterim ýokarlandy.
Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,9 göterim, çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,6 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,3 göterim artdy diýip, wise-premýer aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedopw hasabaty diňläp, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2025-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigini aýtdy.
Türkmenistanda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döredildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döretmek hakynda karara gol çekdi. Bu resminama döwlet Baştutany geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda dizel ýangyjy, ECO-93 benzini we suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.
Iş topary Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnama taýýarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistan we Gruziýa energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrýar
5-6-njy iýunda Tbiliside geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň dördünji mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Hökümet mejlisinde Hazardaky känleri özleşdirmekde maýa goýumlaryny çekmek meseleleri maslahatlaşyldy
Hazar deňziniň türkmen böleginiň ygtyýarlandyrylan toplumlaryny özleşdirmek maksady bilen “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny we kompaniýalaryny çekmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.