1-nji martda Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Türkiýä tebigy gazyny iberip başlar – Türkiýäniň ilçisi
07:35 15.02.2025 4993
2025-nji ýylyň 1-nji martyndan türkmen tebigy gazyny Türkiýä ibermek işleri başlanar. Ibermeler swap usuly arkaly Eýranyň üstünden amala aşyrylar. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok anna güni türkmen we daşary ýurt habar beriş serişdeleri üçin geçiren metbugat maslahatynda aýtdy.
Türkiýe we Türkmenistan türkmen tebigy gazyny Türkiýä ibermek hakynda taryhy ylalaşyk gazandylar. 2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda “Türkmengaz” bilen BOTAŞ kompaniýasynyň arasynda degişli ylalaşyga gol çekildi. Gaz ibermeleri 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, Eýranyň üsti bilen barter usuly arkaly amala aşyrylar diýip, ilçi belledi.
Bu hadysa köp ýyllyk gepleşikleriň netijesi bolup, iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ädimdir. Ylalaşyk ýylda 2 milliard kubometr gazyň iberilmegini göz öňünde tutýar diýip, diplomat belleýär.
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi bu ylalaşygyň Türkiýäniň hem-de sebit üçin energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda möhüm ädim bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem ol, Türkmenistanyň ählumumy energetika bazarynda ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny aýratyn belledi.
Ilçiniň sözlerine görä, uzak möhletli meýilnamada Türkiýe Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu taslama Türkmenistanyň gaz eksportyny artdyrmaga we ony Ýewropa bazaryna gönükdirmäge mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa saparynyň dowamynda 15 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň 6-7-nji dekabrda Moskwa iki günlük saparynyň netijeleri boýunça on bäş sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
GlobalPetrolPrices: Türkmenistan — benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugynda galmagyny dowam edýär. GlobalPetrolPrices-yň maglumatlaryna görä, 5-nji dekabra çenli ýagdaýa görä, Türkmenistan oktan mukdary 95 belgili benziniň elýeterliligi boýunça reýtingde ýedinji orny eýeleýär. 1 litr benziniň bahasy ýurtda 0,433 dollar.
Mongoliýanyň Prezidenti güýzde Türkmenistana döwlet sapary bilen geler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Dorj Baýarhuu bilen duşuşygynda şu ýylyň güýzünde Mongoliýanyň Prezidentiniň ýurdumyza amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e iş sapary tamamlandy
3-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.