CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 10.02.2025 - 19.02.2025

17:15 13.02.2025 2926

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda ýerasty geçirijileriň (gaz we suw turbalarynyň) çuňlugyny düzetmek we üstüni ýapmak hyzmatlary boýunça № CIT-23075-SR belgili tender yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza.
  • Kompaniýa barada adyny doly görkezmek bilen, alyp barýan işewürligi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, hasaba alnan ýurdy we ygtyýarnamasy barada maglumat. 
  • Kompaniýa tarapyndan öz işini togtatmajakdygyna, ygtyýarnamasynyň ýatyrylmajakdygyna (ýa-da yzyna alynmajakdygyna), bankrotlyk yglan etmejekdigine ýa-da girdejiden mahrum bolmajakdygyna we şertnamanyň ähli şertleriniň ýerine ýetiriljekdigine kepil geçýän hat. 
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýyl boýunça maliýe ýagdaýy barada maglumat, şol sanda soňky 3 ýylyň tassyklanan maliýe hasabatlary, girdejileri we cykdajylary barada maglumat.
  • Kompaniýanyň tender işine gatnaşan halatynda bank kepilligini bermäge taýýarlygy barada resmi hat. 
  • Bu hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin ýöriteleşdirilen tehnikalaryň we awtoulaglaryň elýeter bolmagy.
  • Kompaniýanyň nebit-gaz ulgamynda bu ugurda soňky 3-5 ýylyň içinde ýerine ýetiren taslamalary we iş tejribesi barada maglumat.
  • Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalyk şahadatnamasynyň nusgasy (diňe ýerli kompaniýalar üçin).

Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny iňlis we rus dillerinde taýýarlap, möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.  

     Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993-12-44 54 34

Faks: +993-12-44 50 44 

Başga makalalar