“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 10.02.2025 - 21.02.2025

17:18 13.02.2025 2675

Şertnamanyň Goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy manatda köpugurly enjamlary bejermek we kartrijleri doldurmak boýunça № 2025/04 belgili tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna:

  • Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, tatneft.tender@mail.ru e-mail salgysy boýunça arza ugratmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplary arzada görkezilen salga ugradylar;

3. Bäsleşik tekliplerini bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli tabşyrmaly.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we tenderiň şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy

e-mail salgysy: tatneft.tender@mail.ru

tehniki soraglar boýunça habarlaşmak üçin: 

+993 63 73 79 72

Başga makalalar