Türkmenistanyň Prezidenti: 2024-nji ýylda uly üstünlikler gazanyldy, bellenilen meýilnamalar ýerine ýetirildi
03:46 10.02.2025 4586
7-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemledi we “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda öňde goýlan meýilnamalar barada aýtdy diýip, TDH habar berýär.
Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 1,5 göterim, söwdada 10,1 göterim, oba hojalygynda bolsa 5,3 göterim boldy.
Maýa goýumlar 9,1 göterim artdy. Hasabat döwründe jemi 5 müň 735 sany täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 86 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar.
Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi.
Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlendigini belledi.
Ahal we Lebap welaýatlarynda Bäherden, Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi we elektrik beketleri işe girizildi.
Döwlet Baştutany daýhanlarymyzyň ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edendiklerini belledi. 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti kabul edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberi ýene-de artdyryldy.
Serdar Berdimuhamedow öňde duran wezipeler barada durup geçip, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Biz şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçäni, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumyny gurup ulanmaga tabşyrarys. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler diýip, döwlet Baötutany nygtady.
Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa saparynyň dowamynda 15 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň 6-7-nji dekabrda Moskwa iki günlük saparynyň netijeleri boýunça on bäş sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
GlobalPetrolPrices: Türkmenistan — benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugynda galmagyny dowam edýär. GlobalPetrolPrices-yň maglumatlaryna görä, 5-nji dekabra çenli ýagdaýa görä, Türkmenistan oktan mukdary 95 belgili benziniň elýeterliligi boýunça reýtingde ýedinji orny eýeleýär. 1 litr benziniň bahasy ýurtda 0,433 dollar.
Mongoliýanyň Prezidenti güýzde Türkmenistana döwlet sapary bilen geler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Dorj Baýarhuu bilen duşuşygynda şu ýylyň güýzünde Mongoliýanyň Prezidentiniň ýurdumyza amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e iş sapary tamamlandy
3-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.