CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 06.02.2025 - 16.02.2025
05:01 07.02.2025 2808
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy birlik bahaly şertnama esasynda Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda ulanyş guýularynyň agzyny we akym liniýalaryny enjamlaşdyrmak boýunça deslapky taslamany düzmek üçin № CIT-24152-SR belgili bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär.
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
• Tendere gatnaşmak üçin arza;
• Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, bellige alnyşy we ygtyýarnamasy barada maglumat;
• Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň maliýe ýagdaýy barada maglumat;
• Kompaniýanyň soňky 5 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat;
• Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.
• Kompaniýanyň tender işine gatnaşan halatynda bank kepilligini bermäge taýýarlygy barada resmi hat.
Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny iňlis we rus dillerinde taýýarlap, möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:
Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan
Telefon belgisi: +993 12 44-54-34
Faks: +993 12 44-50-44