Gazagystanyň Prezidenti we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

12:41 05.02.2025 3113

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13068/original-167a3074bbe4bd.jpg

4-nji fewralda Astana amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew tarapyndan kabul edildi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada pikir alyşdylar hem-de energetika we ulag pudagynda ozal gazanylan ylalașyklaryň durmuşa geçirilmeginiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystanyň Prezidentiniň adyna ýollanan mähirli salamyny ýetirdi.

Gazagystanyň Baştutany Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna minnetdarlygyny bildirdi we öz gezeginde mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle hem, Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň ähmiýetini belläp, ýurdy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy bilen gutlady.

Prezident Kasym-Jomart Tokaýew ähli ugurlar boýunça  dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyga esaslanýan gazak-türkmen gatnaşyklarynyň ösüş derejesine ýokary baha berdi. Şeýle hem, Gazagystanyň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge güýçli goldaw bermegi dowam etdirmäge meýillidigini beýan edildi.

Başga makalalar
164e8574a131f2.png
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.


164ec3fdd19f66.jpg
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy

27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.


164e880be73b68.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.


164ec348cdc0d3.jpg
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.


164e6fdae84031.jpg
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.