"PETRONAS Çarigali Türkmenistan” kompaniýasy tender yglan edýär: 05.02.2025 - 18.02.2025

06:18 06.02.2025 2894

"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy aşakda görkezilen tenderlere gatnaşmaga çagyrýar:

  • PCTSB/SA/0125/017 - BUKJA A – PÇ(T)SB-niň «Ýaşaýyş üçin Suw» taslamasynyň II tapgyry boýunça inženerçilik hyzmatlaryny bermek;
  • PCTSB/SA/0125/017 - BUKJA B – PÇ(T)SB-niň Guwlymaýak taslamasynyň çäklerinde 4-nji çagalar bagynyň durkuny täzelemek boýunça inženerçilik hyzmatlaryny bermek.

Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:

  • tendere gatnaşmak üçin arza (tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
  • arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
  • Türkmenistanda hasaba alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);
  • kompaniýanyň bu ugurdaky iş tejribesi barada maglumat.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 14 (on dört) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda Türkmenistan, Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81 salgy ýa-da elektron salgy boýunça kabul edilýär.

Elektron salgysy:

tender_secretarytkm27@petronas.com.my

Başga makalalar