Türkmenistanda “Türkmenhimiýa” DK-nyň kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar
06:12 04.02.2025 2788
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid”, “Garabogazkarbamid” zawodlary tarapyndan karbamid dökünleri öndürilip, ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileri bu önüm bilen üpjün edilýär we olar daşary ýurtlara eksport edilýär. Häzirki wagtda zawodlaryň bökdençsiz, ygtybarly işledilmegini gazanmak üçin bu kärhanalary önümçilikde ulanylýan tehnologik enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek zerur bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky karbamid dökünini öndürýän zawodlara toplumlaýyn hyzmat etmek boýunça baglaşylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa saparynyň dowamynda 15 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň 6-7-nji dekabrda Moskwa iki günlük saparynyň netijeleri boýunça on bäş sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
Mongoliýanyň Prezidenti güýzde Türkmenistana döwlet sapary bilen geler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Dorj Baýarhuu bilen duşuşygynda şu ýylyň güýzünde Mongoliýanyň Prezidentiniň ýurdumyza amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
GlobalPetrolPrices: Türkmenistan — benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugynda galmagyny dowam edýär. GlobalPetrolPrices-yň maglumatlaryna görä, 5-nji dekabra çenli ýagdaýa görä, Türkmenistan oktan mukdary 95 belgili benziniň elýeterliligi boýunça reýtingde ýedinji orny eýeleýär. 1 litr benziniň bahasy ýurtda 0,433 dollar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e iş sapary tamamlandy
3-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.