Aşgabatda “Türkmenistanda halkara standartlaryna laýyk gelýän hil kepilligi” Halkara maslahaty geçiriler
06:11 04.02.2025 1955
Aşgabatda 29-30-nji aprelde «Türkmenistanda halkara standartlaryna laýyklyk gelýän hil kepilligi» atly Halkara maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi «TurkmenExpo» kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.
Maslahat halkara ülňüleri berjaý etmek, önümleriň we hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, sertifikasiýa dolandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly meselelere bagyşlanýar.
Çärä gatnaşyjylar öz gazananlaryny görkezmek, mümkin bolan müşderileriň ünsüni çekmek, döwletara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak, halkara ülňüleriniň täze ugurlary we talaplary barada täzelikleri bilmek, şeýle-de häzirki zaman ykdysady şertlerinde işewürligi üstünlikli ösdürmek üçin zerur bolan bilimleri edinmek mümkinçiligine eýe bolarlar.
Forum halkara bazarlara çykmagy maksat edinýän, innowasion ülňüleri ornaşdyrmak ugrunda işleýän, önümleriniň hilini ýokarlandyrmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalar üçin peýdaly bolar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa saparynyň dowamynda 15 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň 6-7-nji dekabrda Moskwa iki günlük saparynyň netijeleri boýunça on bäş sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
Mongoliýanyň Prezidenti güýzde Türkmenistana döwlet sapary bilen geler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Dorj Baýarhuu bilen duşuşygynda şu ýylyň güýzünde Mongoliýanyň Prezidentiniň ýurdumyza amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
GlobalPetrolPrices: Türkmenistan — benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugynda galmagyny dowam edýär. GlobalPetrolPrices-yň maglumatlaryna görä, 5-nji dekabra çenli ýagdaýa görä, Türkmenistan oktan mukdary 95 belgili benziniň elýeterliligi boýunça reýtingde ýedinji orny eýeleýär. 1 litr benziniň bahasy ýurtda 0,433 dollar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e iş sapary tamamlandy
3-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.