Halkara energetika forumy: Türkmenistan — ygtybarly hem geljegi uly hyzmatdaş

12:57 04.12.2020 7800

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/1224/original-15fc782830c5cf.jpeg

1-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesine gabatlanylyp geçirilen “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly halkara onlaýn maslahaty dünýä jemgyýetçiliginiň dünýäniň energetika bazarynyň möhüm agzalarynyň biri hökmünde Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini subut etdi.

“Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň guramagynda geçirilen foruma gatnaşyjylar energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan energetika diplomatiýasyna aýratyn üns berildi. Diýarymyzyň halkara hukuk ýagdaýy şol diplomatiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýär. Durnukly ösüş arkaly parahatçylygy pugtalandyrmak ýörelgesi Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasyny düzýär. Munuň özi Garaşsyz türkmen döwletiniň giň gerimli halkara ykdysady taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak ýaly möhüm ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Taslama gatnaşyjylaryň ählisiniň we hyzmatdaşlaryň pikirine görä, bu gaz geçiriji sebitiň ykdysady ösüşine, ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.

Diýarymyzyň dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmündäki derejesi tebigy gazyň gorlaryna, şol sanda ägirt uly “Galkynyş” känine berlen garaşsyz baha arkaly tassyklanyldy. Energiýa gorlarynyň möçberi boýunça bu kän dünýäde ikinji orny eýeleýär. Şol gaz käni we beýleki ýataklaryň birnäçesi açylandan soň, Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýä görkezijisinde dördünji orunda durýar. Ýurdumyz Aziýanyň energetika bazarynda möhüm orun eýeleýär.

Häzir Hytaý Halk Respublikasy türkmen gazyny iň köp mukdarda alýan ýurt bolup durýar. 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanylmaga berlen Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç şahasy boýunça (A, B, C) mawy ýangyjyň ýylda 40 milliard kub metre golaýy iberilýär. Geljekde türkmen tebigy gazynyň her ýylda Hytaýa iberilýän mukdary 65 milliard kub metre ýetiriler.

Türkmenistan gazy Orta Aziýa — Merkez gaz geçirijisi boýunça Russiýa iberýär hem-de mawy ýangyjy günorta ugur boýunça eksport etmek üçin ähli tehniki mümkinçilikler we serişdeler binýadyna eýedir.

Turbageçiriji ulgamyň ösdürilmegi bilen birlikde, uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işlemäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi geljekde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde esasy orunlaryň birini eýelär. Soňky ýyllarda gazhimiýa toplumlarynyň birnäçesi ulanylmaga berildi. Dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary goşmaça bahaly önüm çykarmak üçin ýakyn wagtda şeýle senagat kärhanalarynyň ýene-de birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak işi tapgyrlaýyn alnyp barylýar. Häzirki wagtda, birnäçe desganyň durky täzelenenden hem-de täze desgalar gurlanyndan soň, ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň umumy möçberiniň dörtden bir bölegi bu toplumyň paýyna düşýär. Munuň özi nebit önümlerini ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň esasy bölegine öwürýär.

Bilermenleriň köpüsi hut tebigy gazyň koronawirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan çökgünlikden soň ykdysadyýeti dikeltmäge saldamly goşant goşup biljekdigi baradaky pikir bilen ylalaşýar. Öňküsi ýaly, senagat we elektrik energetikasy dünýäde gaza bolan islegiň esasy çeşmeleri bolup çykyş edýärler. Turbageçirijiler arkaly gazy ibermegiň geosyýasy ähmiýetiniň artmagy, suwuklandyrylan tebigy gazyň bazarlarynyň giňeldilmegi gaz pudagynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnagyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozdyň, forumyň beýleki gatnaşyjylarynyň çykyşlarynda ählumumy ykdysadyýetiň ornuny pugtalandyrmagyň dünýä energetikasynyň durnuklylygyna gönüden-göni baglydygyna aýratyn üns berildi. Munuň özi bolsa wajyp wezipeleriň birnäçesini, şol sanda energiýa serişdelerini öndürmek, olary ibermek hem-de ahyrky netijede sarp etmek ulgamlaryny öz içine alýan energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek wezipelerini öň hatara çykarýar.

“Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy: transmilli turbageçirijiler — durnukly ösüşiň we energetika howpsuzlygynyň esasy ugurlary” atly mejlisiň barşynda hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diýego Ruiz Alonso, “CNPC” kompaniýasynyň baş direktory Li Şulýan, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça ýörite wekili Natalýa German we beýlekiler çykyş etdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgy arkaly çykyş edip, Türkmenistanyň energiýanyň üstaşyr iberilmeginiň durnuklylygy we ygtybarlylygy ulgamynda BMG-niň halkara-hukuk guralyny döretmek boýunça işi işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýandygyny nygtady.

Maslahatyň jemleýji mejlisi ösüşiň we durnuklylygyň hereketlendiriji güýji hökmünde maliýe edaralarynyň ornuna bagyşlandy. Bu mejlisde “TAPI Pipeline Company Limited” konsorsiumynyň baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow, Owganystanyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ajmal Ahmadi, Aziýanyň ösüş bankynyň hem-de Credit Suisse bankynyň wekilleri çykyş etdiler.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda onlaýn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda nebitgaz pudagynda özara gatnaşyklaryň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Başga makalalar
164a50ebe7c887.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG agza döwletler bilen gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitledi

Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde eden çykyşynda işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi.


164a6474656338.jpg
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


1669764caa4714.jpg
OGT 2024 29-njy Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylary bellige almak başlandy

“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly 29-njy Halkara maslahatyna we sergisine (OGT 2024) gatnaşyjylary bellige almak başlandy, forum 2024-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriler. Bu giň gerimli çäräni «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýarlar.


16210eee099a6f.jpeg
Demokratiýanyň milli nusgasy dabaralanýar

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy’’ atly maslahat geçirildi.


1620f469ee3470.jpeg
Prezident Türkmenistanyň diplomatlaryny energetika we beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam etmäge çagyrdy

Anna güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady. Her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilip geçilýän baýramçylyk mynasybetli iberen gutlagynda döwlet Baştutany «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlerini halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp üpjün edýän we goraýan ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri öňde goýlan belent wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda ýadawsyz we döredijilikli zähmet çekýärler» diýip belleýär.