Serdar Berdimuhamedow TDG-niň Baş sekretary bilen türki döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini maslahatlaşdy

13:33 28.03.2024 5155

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/10282/original-1660532a00be91.jpg

Türki döwletler bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 27-nji martda Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew bilen geçiren duşuşygynda belledi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy ýurt hökmünde goşulan döwründen bäri bu düzümiň çäklerindäki dialogyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna üns çekildi. Şu ýylyň 11-12-nji martynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi munuň aýdyň mysalydyr. Onda guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek işinde ýolgörkeziji bolup hyzmat etjek ylalaşyklar gazanyldy we teklipler beýan edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Türki söwda-senagat edarasynyň düzümine kabul edilmegi geljekde Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda bu binýady netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen däp bolan gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar türki halklaryň baý medeni mirasyny aýawly saklamaga, öwrenmäge we tutuş dünýäde wagyz etmäge gönükdirilendir. Bu medeni miras umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasynyň onda synçy döwlet derejesine eýe bolan ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, guramanyň ýolbaşçysyny gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübäreklemäge şatdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany şeýle çäreleriň diňe bir türkmen halkynyň milli däplerini wagyz etmäge ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, umumy taryhy kökler bilen baglanyşan türki halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary giňeltmekde hem möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident we myhman asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ruhy däpleriň türki dilli ýurtlaryň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin binýat bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda baýram edilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlarynyň biri boldy. Beýik şahyryň eserleri tutuş türki dünýäniň gymmatlygy bolup durýar. Bellenilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, görnükli türkmen şahyrynyň edebi mirasyny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga gönükdirilen köp sanly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň bu çärelere işjeň gatnaşmagyny goldaýar diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bilelikdäki hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça oňyn tekliplere garamaga taýýardygyny tassyklady.

TDG-niň giňişliginde özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde dürli ugurlarda, ilkinji nobatda, bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynda maksatnamalaryň we taslamalaryň gerimini giňeltmegiň hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmäge, ony anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Başga makalalar
1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650967ab62bb5.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.


16509680179a85.jpg
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650a9e6e567b0.jpg
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanyldy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Täjigistana ugrady.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.