Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy doglan güni bilen gutlady
09:40 01.03.2024 3347
Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň doganlyk halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler
Şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler.
TEIF 2025 energetika, maýa goýumlar we tehnologiýa hyzmatdaşlygy üçin täze gözýetimleri açar
Türkmenistan ykdysady diplomatiýanyň täze derejesine çykýar. 2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Kuala-Lumpur şäherindäki häzirki zaman KLCC maslahatlar merkezinde geçiriljek TEIF 2025 halkara forumy energetika, durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ugurlarynda ýylyň esasy wakalarynyň biri bolmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň we HHR-niň Liderleri Hytaýa täze gaz geçirijiniň gurluşygy barada ylalaşdylar
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.