Ylmy-amaly maslahat geçirildi

11:43 29.02.2024 8233

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/10050/original-165e06ddde9590.jpg

Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, şeýle-de Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ylmy-amaly maslahat we sergi guraldy.

Maslahata Mary welaýatynda ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary taýýarlan mowzuklary bilen işjeň gatnaşyp, Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemindäki ornuny giňişleýin beýan etdiler.

Maslahat üç bölümden ybarat bolup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy ähmiýeti», «Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň binýady», «Türkmenistanda nebitgaz pudagynyň ösüşi. Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň esasy hünär ugurlary, geçen taryhy menzili» diýlip atlandyryldy. Welaýatymyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden gelen mugallymlar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti hakynda, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary bolsa nebitgaz senagatynyň ösüşi, nebitgaz mekdebiniň taryhy dogrusynda durup geçdiler. Halkymyzy baky bagta, bolelin eşrete ýetiren, her bir günümizi şanly wakalara besleýän, ýaşlarymyzyň ajaýyp geljegi üçin yzygiderli aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Başga makalalar
162318bb12ef0a.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder

Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.


168847ff5062bf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň täze ilçisi bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.


16884669046a47.jpg
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


16232e4d7870f4.jpeg
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.


162318c153c55e.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam eder

Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde belledi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.