(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Daglaryň
başyna şal deý oralan
Gije ýalkym
çaýdy penjirelere.
Ýeke-ýeke
ýanyp başlan çyralar,
Meňzedi bir
geňsi şemçyralara.
Şemallaryň
taryn kakan baglaryň
Bahar gelse
bormy gülden heý, kemi?
Heýjany sen
ajap-ajap çaglaryň-
Aşgabadym
ak arzuwlaň heýkeli.
Gyzgyn çaýa
düşen datly şeker deý
Gije eräp
barýar ýagta ýer edip.
“Ýyldyz
dagym” ýyldyzly dag bolupdyr-
Watan şanyn
ile ýaýýar telediň.
“Saglyk
ýoly” ajap çyralar bilen
Giňdiwar
dagyna jäheklenipdir.
Ümürleç
göwünli şu gije asman,
Gyz edaly
Aýa sähet beripdir.
Aşgabat
agşamy müň yşyk bilen,
Çalym edýär
ak pamyk deý gundaga.
Didäňe
diňlede gijäň aýdymyn,
Düýş
görüber, gözleriňi ýumma-da...
AŞGABAT BAHARY
Daglaň
depesine çermelen gyşlar
Gülälek,
jüm-jüme bolup indiler.
Asman yşkyn
alyp gaýdan ýagyşlar,
Ylla gökden
ýürek bolup tändiler.
Ak şähriň
gujagy bossany Erem,
Göýäki bir
merjen ýaly, dür ýaly.
Ak gyşlarda
alna ýaraşyk beren
Ak ýalkym
eremän galypdyr ýaly.
Donsuz
galan baýyrlara geýim eder,
Ketenä çalm
eden bahar gülleri.
Aşgabadyň
köçelerine seýl eder,
“Belent
daglaryndan inen ýelleri”
Asman
gürlär, Senem oňa goş mukam,
Ýatladyp
bagşynyň gara gazmasyn.
Onsoň neneň
bagşy çalmaz hoş mukam,
Şahyr şygyr
ýazmabilse ýazmasyn.
Seýran
SEÝITMÄMMEDOW,
Serdar
etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.