Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli tutumlaryndan ruhlanýan Balkan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň zähmet toparlary hem şu günler hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaraly belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünliklere beslemegi maksat edinip, has-da gaýratly zähmet çekýärler. Muňa «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Günbatargazakdyryş» müdirliginde şu ýylyň geçen hasabat döwründe gazanylan üstünlikler hem aýdyň güwä geçýär. Has takygy, ýetip gelýän gyş möwsümine ýokary taýýarlykly gelen bu döwrebap kärhana boýunça şu ýylyň geçen döwründe göz öňünde tutulan meýilnama 125 göterim berjaý edildi.
Ýurdumyzyň edara-kärhanalaryny we şahsy hojalyklaryny tebigy gazyň üznüksiz akymy bilen ygtybarly üpjün etmäge mynasyp goşant goşýan bu müdirligiň hünärmenleri döwrüň ösen talaplaryna laýyk işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Olaryň tagallaly zähmetleri netijesinde Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan watandaşlarymyz öz bereketli ojaklarynda esasy ýerasty baýlyklarymyzyň biri bolan tebigy gazyň hözirini görýärler. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň Balkan we Ahal welaýatlaryndaky edara-kärhanalary bolsa öz gündelik işlerini netijeli alyp barmaga giň mümkinçilikleri alýarlar.