«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylarynyň ýurdumyzyň sebitleriniň çäklerinde ýerleşýän gaz känleriniň ulanyş guýularyny burawlap, «mawy ýangyjyň» akymyny almak ugrundaky netijeli işlerinde konserniň beýleki edara-kärhanalarynyň işgärleri bilen birlikde, Ulaglar müdirliginiň hünärmenleridir işçileriniň hem goşantlarynyň saldamlydygyny aýtmak gerek. Kärhananyň işgärleri konserniň edara-kärhanalaryna buýurmalar esasynda ulag hyzmatlaryny öz wagtynda bökdençsiz ýerine ýetirýärler.
Olar, esasan, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň buraw desgalaryny göçürmekde hem-de burawlaýyş işleriniň geçirilmeli ulanyş guýularynda gurnamakda, gaz gurluşyk enjamlaryny, dürli görnüşli turbalary daşamakda, uglewodorod çig malyny gazyp almakda tehnologik işleriň bellenilen wagtynda ýerine ýetirilmegine ýakyndan ýardam berýärler.