Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowadan söz açsaň, bada-bat «Hä, «Selbinyýazy» aýdýan bagşymy?» diýilýär. Ömrüni sungata bagyş eden ynsan üçin adynyň öz gahrymany bilen bile tutulmagyndan uly lezzet barmyka?! Bu gün halk arasynda adygyp, ussatlyga ýeten bagşy zenan «Siz Arkadag, Arkadagly Gahryman Serdar», «Jan Türkmenistan», «Aşgabat», «Jan ejemden aýyrma», «Seni küýsedim» ýaly aýdymlary bilen diňleýjileriň uly söýgüsini gazandy.
Geliň, bagşy zenanyň sungat ýoly hakynda aýdyp berjek gürrüňleri bilen bilelikde tanyş bolalyň. Biziň söhbetdeşimiz Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň «Altyn menzil» folklor, aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa.