Ynamly gadamlar bilen

Ynamly gadamlar bilen

«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki iň baýry kärhanalaryň biri bolan «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Nebitdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň «gara altyn» ussatlary Garaşsyz Diýarymyzyň esasy ýerasty baýlyklarynyň biri bolan uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny artdyrmakda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna mynasyp işleri bitirmegi başarýarlar. Bu ýerde ýanwar-sentýabr aýlarynda nebit berýän guýulardan çykarylan «gara altynyň» umumy möçberi 500 müň 431 tonna barabar boldy. Munuň özi dokuz aýlyk meýilnamanyň 107,5 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Kärhanada önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 109 göterim ýokarlandy.

Tutuş «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça ýeriň jümmüşinden alynýan «gara altynyň» agramly bölegini taýýarlamagy başarýan müdirlikde bu gymmatly çig maly çykarmagyň möçberleriniň ýylsaýyn artmagy «Barsagelmez» we «Nebitdag» ýataklarynda iň täze, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hem-de olary netijeli ulanmagyň hasabyna mümkin bolýar. Müdirligiň garamagyndaky guýularda wintli nasoslary we ýokary basyşly gazlift usulyny ulanmak, olarda ikinji sütünlerini kesmek, turba geçirijilerde parafin çökündileriniň döremeginiň garşysyna gatlaklardaky suwlary aýyrmak üçin innowasion çäreleriň giň toplumyny ýerine ýetirmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Hereket edýän guýularyň düýpli abatlaýyş işleri geçirilende çeýe turbalary özleşdirmek we ýerasty baýlyklaryň alnyşyny artdyrmaga ýardam edýän tehnologiýany önümçilige ygtybarly ornaşdyrmak hem gazanylýan üstünliklere özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl