Daşoguzly gazçylar güýz-gyş möwsümini guramaçylykly garşylaýarlar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynyň zähmetsöýer işçi-hünärmenleri demirgazyk welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde şu ýylyň 9 aýyny netijeli jemlediler. Müdirligiň gazçylarynyň birleşen tagallalary netijesinde häzirki güýz günlerinde welaýatyň obadyr şäherlerinde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň 13 müň 200 kilometrden gowrak ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 5 müň 160-dan gowragyna ýokary derejede gözegçilik edilip, bitewi gaz ulgamynyň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi gazanylýar.