Türkmen topragy öz goýnunda gymmatly tebigy baýlyklaryň uly goruny saklaýar. Şol baýlyklary agtaryp tapmak, onuň möçberlerini anyklamak, gazyp almak ýaly biri-birine utgaşykly işlerde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Lebap geofizika ekspedisiýasynyň agzybir we başarjaň işgärleri tutanýerlilik hem-de maksada okgunlylyk görkezýärler. Olaryň birleşen tagallalary ýerine-de düşýär.
Hawa, ýurdumyz tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolmak bilen, bu baýlygy tutuş adamzadyň abadan ýaşaýşynyň, ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşleriniň hyzmatynda goýýar. Şol bahasyz baýlygyň gorlarynyň üstüni doldurmakda bu ekspedisiýanyň hünärmenleriniň uly tejribesi bar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda nebitgazly täze meýdançalaryň üstüniň açylmagynda we uly baýlygyň köp möçberlerde gazylyp alynmagynda olaryň hyzmaty uly bolupdy, şeýle bolmagynda hem galýar. Möhüm işler häzirki günlerde hem gowşamaýan depginlerde dowam edýär. Bu işlerde olar hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän kuwwatly we kämil tehnikalarynyň güýjüne giňden daýanýarlar.